Putin GDA-niň ýörite gulluklarynyň başlyklaryna Owganystana terroristleriň çekilýändigini duýdurdy

Putin GDA-niň ýörite gulluklarynyň başlyklaryna Owganystana terroristleriň çekilýändigini duýdurdy

13-nji oktiýabrda Russiýanyň prezidenti Putin GDA ýurtlarynyň ýörite gulluklarynyň başlyklarynyň 17-nji ýyllyk mejlisine gatnaşyp,olara Siriýada we Yrakda söweşmek tejribelerini edinen terroristleriň Owganystana çekilýändigini duýdurdy.

Bu barada Kremliň saýtynda habar berilýär.

“Owganystanda ýagdaýlar ýeňil däl. Siz muny gowy bilýärsiňiz. Amerikanyň söweşijileri ahyry çykarylandan soňra häkimiýet öz kada-kanunlaryny girizýän talyplaryň eline geçdi.

Şol bir wagtda ýurtda “Yslam döwleti” toparynyň düzümine girýän halkara terroristleriň toparlary ýerleşýärler. Yrakdan, Siriýadan uruş hereketleri tejribesi bolan söweşijiler Owganystana işjeň çekilýärler. Şonuň üçinde,terroristleriň başga ýurtlarda şol sanda, GDA ýurtlarynda hem durnuksuzlygy döretmäge hatda, göni ekspansiýa başlamaga synanyşmagynyň ähtimaldygyny aradan aýyryp bolmaz”diýip Russiýa Federasiýasynyň lideri nygtady.

Putiniň gürrüň bermegine görä, bu meseleler 2021-nji ýylyň sentiýabrynda Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy guramasynyň (KHŞG) we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG)sammitlerinde hem galdyryldy.

Ol duşuşyga gatnaşyjylary owgan serhedinde yzygiderli gözegçiligi ýola goýmaga,güýç gulluklarynyň işlerini uýgunlaşdyrmaga, yzygiderli ýagdaýda bilelikde operasiýalar geçirmäge,şeýlede analizleri we maglumatlary paýlaşmaga çagyrdy.

Bu duşuşygyň öň ýanynda TASSyň ýaýradan habaryna görä, oňa Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň toparlary gatnaşar.

Belläp geçsek, Türkmenistan KHŞG agza däl.The post Putin GDA-niň ýörite gulluklarynyň başlyklaryna Owganystana terroristleriň çekilýändigini duýdurdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky harby blok bitarap Türkmenistany Owganystan boýunça hyzmatdaşlyga’ çagyrýar
2023-nji ýylda Merkezi Aziýada yzarlanmaly bäş hekaýa
Russiýanyň garamagyndaky harby blok bitarap Türkmenistany Owganystan boýunça hyzmatdaşlyga’ çagyrýar
Mergen Orazow futbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýolbaşçylygyna bellendi, kosmos ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy, Demirýollary otly peteklerini satyn almak üçin täze ykjam programmasyny işe girizdi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejisiniň ilkinji gününň gysgaça jemleri
Russiýa owgan serhedine çykmaga taýýar
Rus metbugaty türkmen-owgan serhedinde howpsuzlygyň ýaramazlaşýandygyny aýdýar