Putin Prigožiniň maşgalasyna gynanç bildirdi

Putin Prigožiniň maşgalasyna gynanç bildirdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, rus hakyna tutma esgerleriň topary bolan Wagneriň ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožiniň maşgalasy bilen birlikde Twer sebitindäki uçar heläkçiliginde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi.

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, ýurduň paýtagty Moskwa şäherindäki Kreml köşgünde Donetsk Halk Respublikasynyň wagtlaýyn başlygy Denis Puşilin bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Twer sebitinde içinde Prigožiniň hem bolandygy beýan edilen hususy uçaryň ýere gaçmagynyň üstünde durup geçen Putin: "Bu uçar heläkçiligi bilen baglanşykly ilki bilen ähli adamlaryň maşgalalaryna gynanç bildirmek isleýärin, bu hemişe tragediýadyr. Deslapky maglumatlara görä Wagner toparynyň işgärleriniň hem uçardadygyny görkezýär" diýip belledi.

Wagneriň Ukrainadaky neo-nasist häkimiýete garşy göreşde möhüm goşantlar goşandygyny aýdan Putin: "Ony bilýäris we ýatlaýarys, ýatdan çykarmarys" diýip nygtady.

Prigožini 90-njy ýyllaryň başyndan bäri tanaýandygyny aýdan Putin: "Prigojiniň ykbaly çylşyrymlydy, ýöne zehinli adamdy we durmuşynda uly ýalňyşlyklar bardy" diýip aýtdy.

Rus lider Twer sebitinde ýere gaçan uçar bilen baglanşykly derňew işiniň geçiriljekdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Prigožiniň Jynazasy Meselesindäki Karar Hossarlary Bilen Birlikde Kabul Ediler
Ak Tam Prigožiniň ýogalmagy bilen bagly beýannama berdi
Putin Prigožiniň jaýlama çäresine gatnaşmaz
Ýurdumyzyň alpinistleri Gimalaý dagynyň Manaslu gerşinde Türkmenistanyň baýdagyny dikdiler
Türkmenistanyň alpinistleri Manaslu depesinde Döwlet baýdagyny dikdiler
“Liwerpul” bilen “Mançester Sitiniň” nobatdaky ýeňşi, “Arsenalyň” ilkinji ýeňlişi