Putin: "Russiýada Gurhana hormatsyzlyk etmek jenaýatdyr" diýdi

Putin: "Russiýada Gurhana hormatsyzlyk etmek jenaýatdyr" diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, käbir ýurtlarda Gurhana garşy edilýän hormatsyzlygyň jenaýat hökmünde garalmaýandygyny belläp: "Biziň ýurdumyzda bolsa hem konstitutsiýa görä hem-de jenaýat kanunyna görä jenaýatdyr" diýip habar berdi.

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Russiýa Federasiýasyna degişli Dagystan Awtonom Respublikasynyň Derbent şäherinde saparda boldy.

Derbent şäheriniň taryhy metjidine zyýarat eden Wladimir Putin, dagystanly musulmanlaryň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

Musulmanlaryň Gurban baýramyny gutlan Putine Gurhan sowgat berildi.

Wladimir Putin sowgat üçin minnetdarlyk bildirip: "Gurhan musulmanlar üçin mukaddesdir we beýlekiler üçin hem mukaddes bolmalydyr. Biz başga ýurtlarda tapawutly ýagdaýda çemeleşilýändigini bilýäris. Adamlaryň dini duýgularyna hormat goýmaýarlar we onuň hem jenaýat däldigini aýdýarlar. Biziň ýurdumyzda bolsa hem konstitutsiýa görä hem-de jenaýat kanunyna görä jenaýatdyr. Biz hemişe şol tertip-düzgüne bagly bolarys" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Musulmanlary Gadyr Gijesi Bilen Gutlady
Häkimiýetler Mawlid baýramy sadakalary üçin telekeçilere azyk, pul 'salgydyny' saldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Orta asyrda türk döwletlerinde diliň we edebiýatyň ulanylşy
Gurhana Garşy Guralýan Hüjümlere “Söz Azatlygy” Bahanasy Bilen Rugsat Berilmegini Kabul Etmeris
Aşgabatda metjitlere gözegçilik güýçlendirilip, “aşa dindarlar” gözlenýär