Putin Tramp Bilen Duşuşmaga Taýar

Putin Tramp Bilen Duşuşmaga Taýar

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň, ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşmaga taýardygyny aýtdy.

Peskow, paýtagt Moskwada gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada metbugata beýannama berdi.

Peskow, başdan geçirilýän kynçylyklaryň gepleşik arkaly çözülmegi üçin Putin bilen Trampyň şertsiz duşuşygynyň möhümdigini belledi.

Trampyň 20-njy ýanwarda wezipesine girişmeginden soň duşuşyk hakynda giňişleýin maglumatyň beriljekdigi nygtaldy.

Peskow mundan başgada Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Ukraina beren soňky howpsuzlyk kömegini berk tankyt etdi.

Ýene degişli makalalar

Putin Makron bilen duşuşmaga taýar
Ýewraziýa ýurtlarynyň liderleri Russiýada sebitleýin sammite gatnaşýarlar
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Moskwa ikinji saparyny guraýar
Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Putin sişenbe güni ABŞ-nyň ýörite wekilini kabul eder
Russiýa Türkiýä minnetdarlyk bildirdi