Putin türkmen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Putin türkmen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Şu gün Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.M.Aýdogdyýewden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada rus Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, dabara Uly Kreml köşgüniň Aleksandr zalynda geçirildi. Russiýanyň Prezidenti täze bellenen daşary ýurtly ilçileriň 21-sinden ynanç hatlaryny kabul etdi.

Dabarada W.Putin rus-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berip, şeýle belledi:

Türkmenistanyň RF-däki täze bellenilen ilçisi Esen Aýdogdyýewiň 21-nji noýabrda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko ynanç hatynyň nusgasyny gowşurandygy barada habar beripdik.

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy noýabrda gol çeken Permany esasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew bellenilip, ol Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ilçisi Moskwada Wladimir Putiniň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistandaky rus raýatlary RF-niň prezident saýlawyna gatnaşdy
Türkmenistan milli gymmatlyklarynyň düzümlerini giňeldýär
Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy
Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy
Türkmen bedewi we alabaýy halkymyzyň milli gymmatlygydyr