Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin, Russiýada bellenilip geçirilýän Kosmonawtlar güni mynasybetli Amur sebitindäki Wostoçnyý kosmos bekedine Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen bile baryp gördi.
Ol ýerde Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda dowam edýän söweş barada beýanat beren Putin, Russiýanyň goşunynyň Donbassdaky separatist toparlara kömek berýändigini we Russiýanyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi ugrunda çäreler görýändigini belledi.
Ukrainadaky çaknyşyklaryň gutulgysyzdygyny aýdan Putin: "Başga bir ýolumyz ýokdy we ol dogry zatdyr. Ukrainadaky ýörite harby operasiýanyň maksadyna ýetjekdigine hiç hili şübhämiz ýok. Şol maksatlar düşnükli we zerurdyr. Maksadymyz biz tarapyndan ykrar edilen Donbassyň halkyna goldaw bermekdir. Ony etmäge mejbur galdyk" diýdi.
Ukrainanyň Günbatar tarapyndan ugrukdyrylýandygyny aýdan Putin: "Resmi Kiýewiň Donbass meselesini parahatçylykly ýollar bilen çözülmegini maksat edinýän Minsk ylalaşyklaryny berjaý etmegi ret etdi" diýdi.
Russiýanyň özüni dünýäden goparmak islemeýändigini aýdan Putin: "Özümizi izolýasiýa etmeris. Döwrebap dünýäde hiç kim, esasanam Russiýa ýaly bir ýurt, berk ýagdaýda izolýasiýa edilip bilinmez. Aragatnaşykda bolmak isleýän hyzmatdaşlarymyz bilen işleşeris" diýip belledi.
