Putin Ukrainanyň rus jemgyýetini durnuksyzlaşdyrmak üçin hüjümler amala aşyrandygyny aýtdy

Putin Ukrainanyň rus jemgyýetini durnuksyzlaşdyrmak üçin hüjümler amala aşyrandygyny aýtdy

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Kreml köşgünde hukuk goraýjy edaralaryna degişli akademiýanyň talyplarynyň gutardyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabarada çykyş eden Putin NATO-nyň Ukraina harby we maliýe goldawyny berýändigini, ýöne onun bilen çäklenmeýändigini we Günbataryň harby býujetini artdyrýandygyny we Russiýa bilen urşa başlamaga taýýarlyk görýändigine ünsleri çekdi.

Putin Ýewropada deň we bölünmez howpsuzlyk ulgamynyň, şeýle hem ähli ýurtlaryň howpsuzlygyny üpjün edýän köp polýarly halkara gatnaşyklarynyň ulgamynyň döredilmegine goldaw berýändiklerini aýtdy.

Putin geçen ýyl Ukrainada geçirýän "ýörite harby operasiýasynyň" çäginde söweş şertlerinde 1000-den gowrak ýaragy we enjamy, şol sanda uçarmansyz howa ulaglaryny synagdan geçirendiklerini belledi.

Putin Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky ähli ugurlarda öňegidişlik gazanýandygyny aýdyp: "Raýat infrastrukturamyza uçarmansyz howa ulaglary bilen guralýan hüjümler jemgyýeti durnuksyzlaşdyrmak we Russiýanyň Ýaragly Güýçleriniň özüne bolan ynamyny gowşatmak üçin edilýär. Bütin Günbatar bu ugurda Ukraina bilen işleýär. Emma biz maksadymyza ýeteris" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Putin: Rus esgerleri NATO tarapyndan ýaraglanan we goldanylýan agressiw güýç bilen ýüzbe-ýüz bolýar
Parahatçylyk gepleşikleriniň başlamagy üçin Ukraina Donbasdan çekilmeli
Putin tejribeli diplomadyny Türkiýä ilçi hökmünde belledi
Hakan Fidan Ankara sammitinden öň Şwesiýada geçiriljek NATO gepleşiklerine gatnaşar
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Ýewropanyň gepleşiklere gatnaşmalydygyny aýtdy
Fidan NATO sammiti barada: Türkiye bolmadyk bolsa, Tramp gelmezdi