Putin we Aliýew 22-nji aprelde Moskwada gepleşikleri geçirer

Putin we Aliýew 22-nji aprelde Moskwada gepleşikleri geçirer

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 22-nji aprelde Moskwada Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi kabul eder. Aliýew iş sapary bilen Russiýa barar. Bu barada Kremliň metbugat gullugyna salgylanýan Vesti.ru habar berýär.

Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, sebitdäki ýagdaý barada pikir alşarlar.

Şeýle hem Putin we Aliýew BAM-yň (Baýkal-Amur magistraly) gurluşygyna badalga berilmeginiň 50 ýyllygyna bagyşlanan çäräniň dowamynda gurluşygyň weteranlary bilen duşuşarlar.

Ýene degişli makalalar

Putin Paşinýan bilen duşuşyk geçirdi
Putin türkmenistanlylary Ýeňiş güni bilen gutlady
Türkmen ilçisi Moskwada Wladimir Putiniň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşdy
Maduro, Rus Lideri Putini Gutlady
Putin kasam edip wezipesine başlady
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARALY HARBY ÝÖRIŞE GATNAŞMAGYNA GARAŞYLÝAR