Pýotr Ýan eminleriň karary bilen UFC 273-de Sterlingden ýeňildi

Pýotr Ýan eminleriň karary bilen UFC 273-de Sterlingden ýeňildi

MMA-nyň russiýaly söweşijisi Pýotr Ýan Jeksonwilde (ABŞ) geçirilen UFC 273 ýaryşynda amerikaly Aljemmeýn Sterlingden ýeňildi.

Eminleriň karary bilen, çempionlyk guşagy ABŞ-nyň wekilinde galdy. Şeýlelikde, Ýan ikinji gezek hem Sterlingden üstün çykyp bilmedi. 32 ýaşly Sterling 2021-nji ýylyň martynda Ýan bilen duşuşykda gazanan çempionlyk guşagynyň ilkinji goragyny geçirdi. Sterlingde 21 ýeňiş we 3 ýeňliş bar. 29 ýaşly Ýanda 16 ýeňiş we 3 ýeňliş bar.

Ýene degişli makalalar

Londonda 8 gol bar, ýeňiş gazanan ýok
Poçettino öňki toparyny derbi-dagyn etdi
“Çelsiniň” Sterlingi bar
Ýan we Çimaýew UFC-däki çykyşlary üçin bitkoinde $40 müň gazandylar
Aljamein Sterling çykyş edýän agram derejesini üýtgedip biler
UFC-niň çempiony Sterling sentýabrda iň ýeňil agramda guşagyny gorar