Raisi: Tähran-Baku gatnaşyklary iki ýurduň halkynyň umumy dini ýörelgelere bolan ynamyna esaslanýar

Raisi: Tähran-Baku gatnaşyklary iki ýurduň halkynyň umumy dini ýörelgelere bolan ynamyna esaslanýar

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Azerbaýjan Respublikasynyň Goranmak ministri bilen duşuşygynda Tähran-Baku gatnaşyklary iki ýurduň halkynyň umumy dini ýörelgelere bolan ynamyna esaslanýar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi şu gün (çarşenbe) Azerbaýjan Respublikasynyň Goranmak ministri Zakir Hasanow bilen bolan duşuşygynda Tähran-Baku gatnaşyklary diňe bir beýleki ýurtlaryň arasyndaky adaty ikitaraplaýyn gatnaşyklar däldir diýdi.

Raisi sözüniň dowamynda Eýran bilen Azerbaýjan respublikasy diňe bir garyndaş däl, eýsem bar bolan gatnaşyklar taryhyň dowamynda döredilen iki ýurduň halkynyň umumy dini ýörelgelere we ynançlaryna esaslanýan çuňňur gatnaşykdyr diýdi.

Prezident Raisi, Türkmenistanda ECO sammitiniň çäginde Azerbaýjanyň Respublikasynyň prezidenti Ylham Alyýew bilen bolan duşuşygyna yşarat edip Eýranyň syýasaty goňşulary, esasanam Kawkazdaky Azerbaýjan respublikasy bilen giň hyzmatdaşlygy öz içine alýar we iki prezidentiň duşuşygynda berlen ünsi esasynda tranzit gatnaşyklaryny goşmak bilen ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek prosesi çaltlaşýar diýip yglan etdi.

Eýranyň sebitdäki kuwwatynyň howpsuzlygy üpjün edýändigine ünsi çeken Raisi: Takfiri we DAEŞ güýçleriniň bolmagy sebitiň ilatynyň hiç bir ýerinde halkyň bähbidine däldir we bu toparlary amerikalylar we sionistler döredendirler we nirede bolsalar-da, jenaýatçylykly hereketleri edýärler diýip sözlerine goşdy.

Eýranyň prezidenti şeýle hem Sionist režim adamzadyň duşmanydyr we hiç hili ýagdaýda musulman halklarynyň dosty bolup bilmez we Sionistleriň sebitdäki we Palestina halkyna garşy basyp almagy we agressiýasy munuň subutnamasydyr diýdi.

Duşuşygyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Goranmak ministri duşuşygyny we eýranly kärdeşleri bilen gepleşikleri hyzmatdaşlygyň geljegi üçin örän peýdaly, netijeli we möhüm ýol hökmünde häsiýetlendirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri azerbaýjanly kärdeşi bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy
Milli Goranmak Ministri Hulusi Akar Azerbaýjanda Saparda Bolýar
Sionist režimiň söweş ministriniň Bakuwa bolan gizlin we mekirli sapary
Aliýew Türk Serkerdelerini Kabul Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Goranmak Ministrleri Kaýseride Duşuşar