Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

26-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine seredip geçdiler.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, şeýle hem diplomatlar, ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän her ýylky ikiktaraplaýyn geňeşmeleriň gün tertibi bilen bagly pikir alyşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns bermek bilen, taraplar 2022-nji ýylda nobatdaky Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň mejlisiniň geçirilmeginiň wajypdygyny nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Işewürlik-Adalatçysy edarasynyň döredilmegi meýilleşdirilýär
Türkmenistan owgan bosgunlaryny serhetden "geçirmeýär". "Talyban" Kabula gözegçilik edýär
ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
ABŞ ilçisi Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň iň uly hazynasynyň adamlarydygyny aýdýar
Oraza baýramy: Metjitlerde baýram namazyna baran adamlardan sanjym kepilnamasy talap edildi
Oraza baýramy: Metjitlerde baýram namazyna baran adamlardan sanjym kepilnamasy talap edildi