Raşid Meredow onlaýn görnüşinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

Raşid Meredow onlaýn görnüşinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlygy Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, Itochu Corporation kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Tsubaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

5-nji iýunda bolan duşuşykda taraplar döwletara gepleşikleri ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ornuny belläp, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa eden saparynyň aýratyn ähmiýetini bellediler. Bu barada daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşykda geçen ýylyň dekabrynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň 14-nji mejlisiniň üstünlikli geçirilmegine hem-de möhüm resminamalaryň gol çekilmegine ünsi çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, komitetleriň başlyklary ykdysady hyzmatdaşlyk komitetleriň bilelikdäki mejlisiniň teswirnamasynda görkezilen taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň gidişini jikme-jik gözden geçirdiler.

Munuň bilen birlikde, infrastruktura pudagyndaky hyzmatdaşlygyň Ýol kartasynyň öňdebaryjy pikirler we degişli taslamalar bilen baýlaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmek we ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça maksatly işleri geçirmek barada ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türk kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyna goşuldy
Türkmenistanyň we Gazagystanyň üstaşyr geçiren nebitiniň paýy 842,9 müň tonna ýetdi
TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň baş maksadymyz halkymyzyň durmuşyny gowulandyrmakdan ybaratdyr
Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÝAPON KOMITETINIŇ BAŞLYKLARYNYŇ DUŞUŞYGY