Raşid Meredow Saud Arabystanynyň maýa goýum ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Raşid Meredow Saud Arabystanynyň maýa goýum ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministriniň Maýadarlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça orunbasary Badr Al-Badryň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 5-nji martda bolan duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde durýan wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda, iki döwletiň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Döwlet Baştutanlarynyň saparlaryna we ýokary derejedäki duşuşyklara uly orun degişlidigi nygtaldy.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Bu ugurda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň işine uly ähmiýet berildi.

Taraplar türkmen-saud gatnaşyklarynyň ykdysadyýet we maýa goýum ulgamy boýunça derwaýys meseleler hakynda gürrüň etdiler hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy
Hindistan-Pakistan dartgynlylygy Türkmenistanyň iri energetika taslamasynyň geljegine kölege salýar
R.Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň kanunyň hökmürowanlygy we howpsuzlyk edaralary boýunça Kömekçisi bilen duşuşdy
BMG Türkmenistanyň MA-da ýadrosyz zolak hakyndaky Kararnamasyny kabul etdi
Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary bilelikde geçiriljek çäreleriň tertibini ylalaşdylar
3-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti