Raşid Meredow ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy

Raşid Meredow ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy

Türkmen diplomatlarynyň gatnaşmagynda şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, dünýä döwletleri bilen ýurduň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini goramakda uly üstünlikleri gazanandygy hem-de diplomatik gullugy ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda halal we göreldeli zähmet çekýändigi barada aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Öwezgeldiýewiç Meredow Türkmenistanyň ussat diplomaty diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy.

***

Şu gün Daşary işler ministrliginde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa mynasyp bolan ýokary döwlet sylagy gowşuryldy. Sylagy döwlet Baştutanynyň degişli Kararyny okan Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa gowşurdy.

Soňra bu ýerde çykyş edenler Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny mynasyp bolan ýokary döwlet sylagy bilen gutladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly samboçy Ulan-Ude şäherinde geçirilen Gran-pri ýaryşynda ýeňiji boldy
Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň Täze Prezidenti Boldy
Serdar Berdimuhamedow sesleriň 72 % gowragyny alyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyldy
Prezident saýlawlarynyň jemleri
Prezident saýlawlarynyň jemleri
PREZIDENT SAÝLAWLARYNYŇ JEMLERI