Raşid Rahymow Rubiniň baş tälimçisi boldy

Raşid Rahymow Rubiniň baş tälimçisi boldy

Täjigistanly hünärmen Raşid Rahymow Rubin futbol toparynyň baş tälimçisi boldy. Bu barada Kazan şäherine wekilçilik edýän klubyň resmi saýty habar berýär.

58 ýaşly tälimçi bilen näçe wagtlyk şertnama baglaşylandygy habar berilmedi.

Raşid Rahymow topara ozal baş tälimçi bolan Ýuriý Utkulbaýewi çalyşdy. Ol bolsa geçen ýylyň noýabr aýynda işden boşadylan Leonid Sluskiniň ornuna işleýärdi.

Rahymow mundan ozal Moskwanyň Lokomotiwiniň, Permiň Amkarynyň, Groznynyň Ahmatynyň we Ufasynyň tälimçisi bolup işledi.

Häzir Rubin ýurduň birinji ligasynda ikinji orny eýeleýär. Topar 26 duşuşykda 47 utuk toplap bildi.

Rubiniň sport direktory Eduard Safonow baş tälimçilige gözlenilýän dalaşgärleriň arasynda Soçi bilen hoşlaşan Gurban Berdiýewiň hem bardygyny aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 15 ýyllygyny bellär, Daşoguzda 7 sany köpgatly ýaşaýyş jaýy gurlar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
18-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanly dzýudoçy Serdar Rahymow Duşenbe şäherinde geçirilen uly tuwulga ýaryşynda altyn medala mynasyp boldy
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy goşgy okamak bäsleşigini gurady
17-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti