Raýat kwadrokopteri ilkinji gezek Ewerest dagynyň depesine çykdy

Raýat kwadrokopteri ilkinji gezek Ewerest dagynyň depesine çykdy

Hytaýyň 8KRAW suratçylar birleşiginiň entuazistleri Ewerest dagynyň gerşine dünýäde ilkinji ekspedisiýany guradylar, onuň esasy gatnaşyjysy kwadrokopter boldy. Bu barada The Register neşiri ýazýar.

Suratçylar DJI Mavic 3 gurluşyny saýlamagy makul tapdylar.Agzalan dronyň zawod häsiýetnamasy oňa deňiz derejesinden 6 müň metr ýokary galmaga we Selsiýa boýunça minus 10 derejeden pes temperaturada işlemäge mümkinçilik bermeýändigi üçin entuazistler seriýa modelini modifisirlemeli boldular.

Muňa DJI kompaniýasynyň ýardam berendigi bellenýär. 8,9 müň metr dagyň üstüne çykyp biler we pes temperatura çydar ýaly, Mavic 3-iň nämesiniň üýtgedilendigi barada žurnalistleriň beren sowallaryny öndüriji jogapsyz galdyrdy.

Hiç bir zada bakman, suratçylara drony 9,2 müň metr belentlige galdyrmak we Ewerestiň daşyndan aýlap, ýüzugra dagy owadan rakurslardan surata düşürmek başartdy.Alnan kadrlar üç minutlyk wideo görnüşinde kebşirlendi we DJI-niň resmi YouTube-kanalynda goýuldy.

Ýene degişli makalalar

Balkanda toýlarda diňe türkmen sazlaryny we Arkadag aýdymlaryny aýtdyrmaga rugsat berilýär
Ten söwdasynda tutulan türkmenistanly zenanlar SPID we sifilis keselli çykdy
MTV Ýewropa aýdym-saz baýraklarynyň dalaşgärleri
Türkiýede ýene bir türkmen zenany ten söwdasynda tutuldy