“Real Madrid” 33 ýaşyndaky hüjümçini transfer etdi

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary ozalky futbolçysy Hoseluny transfer etdi.Madrid şäheriniň wekili “Espanýolda” çykyş edýän 33 ýaşyndaky hüjümçini 1 ýyllyk kärendesinde düzümine goşdy. 2009-2012-nji ýyllarda “Real Madrdiň” “B” toparynda oýnan esasy düzümde bolsa diňe 1 duşuşyk geçiren Hoselu geçen möwsümde “La Ligada” iň köp gol geçirenleriň sanawynda 3-nji ýeri eýeläpdi.

Karýerasy boýunça “Selta”, “Hoffenhaým”, “Aýntraht”, “Hannower”, “Stok Siti”, “Deportiwo”, “Nýukasl”, “Alawes” ýaly klublarda çykyş eden Hoselu şu ýyl ilkinji gezek Ispaniýanyň ýygyndysyna-da çagyryldy.Ol 4 oýunda 3 gol geçirdi.

“Real Madridiň” Hoselunyň kärende tölegi üçin 2-nji liga düşen “Espanýola” 500 müň ýewro berer. Gerek bolan ýagdaýynda-da ony möwsümiň ahyrynda 1,5 million ýewro transfer edip biler.

Ýene degişli makalalar

Barselona çempionatyň tamamlanmazyndan 4 tapgyr ozal Ispaniýanyň çempiony boldy
“Barselona” ýeňliş,“Real” ýeňiş bilen başlady
Futbol bilen hoşlaşan ýyldyzlar
Türkmenistan sport teleýaýlymynda Ýewropa çempionatynyň futbol duşuşyklary göni ýaýlymda görkeziler
90 ýyllyk “La Liga”
“Real Madridmi” ýa-da “Barselona” “La Liganyň” täze möwsümi başlanýar