“Real Madrid” Italiýadan ýeňiş bilen dolandy

UEFA Çempionlar Ligasynda 6-njy duşuşyklaryň çäginde tapgyryň merkezi oýnunda “Atalanta” bilen “Real Madrid” toparlary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Real” ýyldyz oýunçylarynyň gollary bilen 3-2 hasabynda ýeňşini baýram etdi. 2 oýundan soň ýeňiş gazanan “Realyň” adyndan 10-njy minutda Mbappe, 56-njy minutda Winisius Junior, 59-njy minutda-da Bellingam tapawutlandy. “Atalantanyň” gollaryny bolsa 45+2-nji minutda penaltiden De Ketelare hem-de 65-nji minutda Ademola Lukman geçirdi. “Atalanta” 9 oýundan soň utulyp, bu olaryň Çempionlar Ligasynda şu möwsümdäki ilkinji ýeňşi boldy. “Realyň” ilkinji goluny geçiren Kilian Mbappe 35-nji minutda şikes alyp, ornuny Rodrigo taşlady. Şeýle-de, Kilian Mbappeniň Çempionlar Ligasyndaky gollarynyň sany 50-ä ýetdi. /* custom css */ .td_uid_15_6759810a012aa_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6759810a012aa_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

YSRAÝYLYŇ GAZA ŞÄHERINIŇ DEMIRGAZYGYNA GURAN HÜJÜMINDE ADAM PIDASY ÇEKILDI
PAKISTANDA POLISIÝA BÖLÜMINE GURALAN HÜJÜMDE AZYNDAN 12 ADAM ÖLDI
NÝU-ÝORKYŇ POLISIÝASY DÖRT MUSULMANA PYÇAK BILEN HOWP SALAN ADAMY TUSSAG ETDI
HYTAÝDAKY KÖMÜR KÄNINDE BOLAN PARTLAMADA AZYNDAN 82 ADAM ÝOGALDY, 9 ADAM DEREKSIZ ÝITDI
TÜRKIYELI BIR ERKEK ADAM BIR GYZ ÇAGANY ÝOKARY TIZLIK BILEN GELÝÄN MOTOSIKLDEN HALAS ETDI
YSRAÝYLA DEGIŞLI DIKUÇARLARYŇ GAZADA ÖÝLERIŇ BIRINE GURAN HÜJÜMINDE 8 ADAM ÝOGALDY