“Real Madrid”Mbappe gürrüňleri täzeden başlady 1-nji bölüm

“Real Madrid” Kilian Mbappe “Pari Sen Žermen” bu üçlügiň arasyndaky gürrüňler öňümizdäki günlerde täzeden möwç aljaga meňzeýär. Möwsümiň ahyrynda PSŽ-däki şertnamasy tamamlanýan Kilian Mbappeden “Real Madrid” anyk jogaba garaşýar. Eger Mbappe bolmadyk ýagdaýynda klub başga bir planyny amala aşyrmakçy bolýar.

PSŽ bilen şertnamasyny uzaltmak islemeýän Mbappeniň geljegi indiki aýda kesgitlener. Möwsümiň ahyrynda şertnamasy tamamlanýan futbolçylar bilen başga klublar gyşky transfer möwsüminde gepleşikler geçirip bilýär.

Mbappe bolmasa, Holann…

Ispaniýanyň meşhur sport neşiri AS gazetiniň habar bermegine görä, Mbappe üçin 15-nji ýanwar esasy gün bolup durýar. Täze ýylyň ilkinji gününden başlap, “Real Madrid” topary fransuz futbolça 15 günlük möhlet berer. 15-nji ýanwarda-da oýunçynyň gutarnyklyny pikirini bilmekçi bolýar.

“Real Madrid” eger-de Mbappeni alyp bilmedik ýagdaýynda, başga bir super ýyldyzy Erling Holanny düzümine goşmak isleýär. “Mançester Siti” bilen 2027-nji ýylyň tomsuna çenli ylalaşygy bolan Holannyň geljek tomusda şertnamasyndaky bir madda güýje girer. Ýagny öňümizdäki tomusda oýunçyny 250 million ýewrony beren klub satyn alyp biler. Şertnama görä, bu mukdar her ýyl ýokarlanar.

Ýene degişli makalalar

20-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Marca: Mbappe Real bilen 5 ýyllyň şertnama gol çekişdi
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy
KHBS: Mbappe Reala geçmegi saýlady
8-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal