“Real Madrid” toparynyň stadionynyň adyny üýtgedildi

Dünýäniň iň meşhur kluby Ispaniýanyň “Real Madrid” topary stadionynyň adyny üýtgetdi. Has takygy, “Santiago Bernabeu” stadiony diňe “Bernabeu” ýa-da “Estadio Bernabeu” diýlip atlandyrylar. Klub tarapyndan berlen beýanatda, marketing hem-de korporatiw maksatlar üçin täzeden brending işleriniň çäginde stadionyň adynyň üýtgedilendigi bellenilýär.

1944-47-nji ýyllar aralygynda gurlan stadiona 1955-nji ýylda klubuň ozalky futbolçysy, 1943-1978-nji ýyllar aralygynda 34 ýyllap klubuň prezidenti bolan Santiago Bernabeunyň (1895-1978) ady dakylýar.

Stadionda 1982-nji we 2001-nji ýyllarda abatlaýyş işleri geçirildi. 2019-2024-nji ýyllarda bolsa düýpli abatlaýyş işlerinden soň häzirki, ajaýyp, innowasion durkuna getirildi.

Ýene degişli makalalar

Dördünji ýaryşda-da çempion üýtgänok
“Real” Madridde hem ýeňiş gazanýar
PSŽ, “Bawariýa” hem-de “Ýuwentus” ikinji tapgyra çykdy
Mançesterliler final tapgyra az-kem golaýlady
ÝTÖB Türkmenistanda täze iş orunlaryny açdy, Aşgabadyň teatrlary 6-8-nji maýda görkeziljek sahna oýunlaryny mälim etdiler, ylym, innowasiýalar we sungat festiwalyna gatnaşmak üçin kabul edişlik yglan edildi we beýleki täzelikler
“Liwerpula” 5 oýundan bäri ýeňmek başardanok