Regionlaryň jogapkär ýolbaşçylary, Döwlet ätiýaçlandyryşynyň we birnäçe ministrligiň başlyklary bellenildi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji fewralda regionlar boýunça jogapkär ýolbaşçylary bellemek hakyndaky karara gol çekdi:

Çary Gylyjow Ahal welaýaty;

Mämmethan Çakyýew Balkan welaýaty;

Goçmyrat Myradow Daşoguz welaýaty;

Myratgeldi Meredow Lebap welaýaty;

Esenmyrat Orazgeldiýew -Mary welaýaty

Dädebaý Amangeldiýew Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi.

Guwanç Nurmuhammedowy Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory wezipesine bellenildi.Ozalky ýolbaşçy Annabibi Amanmedowa 21-nji ýanwarda “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadyldy.

Mämmethan Çakyýewe Senagat we kommunikasiýa toplumyna gözegçilik etmek tabşyryldy.

Tahyrberdi Dürhanow Senagat we kommunikasiýa ministri wezipesine bellenildi.

Resul Rejepow täze dokma senagaty ministri boldy.

Annageldi Ýazmyradow Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy boldy.

Magtymguly Baýramdurdyýew oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary
04.07.2018 | Resmi habarlar
Resmi habarlar
Senagat ministriniň we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasarlary bellenildi
Türkmenistanyň wekilýeti ITF Ministrler sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy
01.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany T.Ç.Dürhanow hakynda