Rekord bahadan satyldy

Rekord bahadan satyldy

Ýaponiýada ýerden alnan ilkinji hasyly, deňizden tutulan ilkinji balygy auksion arkaly satmak däbi bar.Bu auksion ýurduň milli gymmatlygy bolup, syýahatçylaryň hem ünsüni çekýär.Täze ýylyň bellenilýän günlerinde ýurtda deňizden tutulan gök ýüzgüçli tunes balygy auksionda satylyp, 2019-njy ýyldaky rekordy täzeledi. 2019-njy ýylda Tokiodaky auksionda bir balyk 333,6 million ýene satylypdy.

Bu gezek bolsa, täze awlanan balyk 510 million ýene (3,24 million amerikan dollary) satyldy.Balygyň aşa gymmat bahadan satylmagynyň birnäçe sebäbi bar.Olaryň biri deňiz jandaryna islegiň ýokary hem-de sanynyň az bolmagy bilen baglydyr.

Sebäbi tebigaty goramak maksady bilen bu balyklaryň az sanlysynyň tutulmagyna rugsat berilýär. Şeýle hem, adatça, müşderilerine deňiz önümlerinden taýýarlanan tagamlary hödürleýän dünýä belli restoranlar tarapyndan satyn alynýar.Bu bolsa, tunes balyklarynyň meşhurlygyny artdyrýar.

Ýaponiýa balyk we beýleki deňiz önümlerini sarp etmekde dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär.

Ogulgerek Işangulyýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Ykdysady ösüş has ýokary bolar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine täzeden saýlandy