Reňkler sazlaşanda...

Reňkler sazlaşanda...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Kämil Weliahmedowyň döredijilik sergisi açyldy. Sergi köp adamly örän täsirli boldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda peýzaž žanrynda has köp zähmet çeken ussat halypa Kämil Weliahmedowdyr.Kämil Weliahmedow ýurdumyzyň tanymal peýzaž suratkeşleriniň biridir.Suratkeşiň halypasy A.Almämmedow Şägirtlerimiň arasynda alçaklygy we göwnaçyklygy bilen tapawutlanýan kämil ýaşlykdan zähmetsöýerligi bilen sungatyň inçe syrlaryny özleşdirerdi.

Ony elmydama tebigat özüne çekýär.Talyp ýyllarynda ol ertiri, gündizi, gijäni bilmän açyk meýdana çykyp sähralyklaryň, daglyklaryň, düzlükleriň gözelliklerinden ylham alardy-da özboluşly täsirli etýudlary ýazardy diýip belleýär.

Bu sözler halypanyň şägirdine beýik ynamy bolup ýaňlanýar. Suratkeş Kämil Weliahmedow elmydama täzeligiň gözleginde. Onuň eserleri howa we ýagtylyk siňen öwşün atýan reňklerine baý özboluşly peýzažlardyr. Suratkeşiň döredijiligi tebigat bilen bagly eserleriniň köplügi bilen tapawutlanýan suratkeşiň häsiýeti hem tebigatymyzyň sadalygy, mähremligi ýaly ýumşak häsiýetlidir.

Suratkeş Kämil Weliahmedowyň Oba (1995), Daýahatyn ýadygärligi (1998), Kenar (2003), Jülge (2006), Köýten (2007), Bahar (2008), Arça (2009), Nohur (2010), Çöl bahary 2011, Bathyz (2013), Bahar täsiri 2015, Kör çaý (2015) eserleri bellenmäge mynasypdyr. Ussat suratkeş türkmen tebigatynyň mahmal owazly bilbilidir. Onuň tebigat eserleri nirede bolsa-da, şu Kämil Weliahmedowyňky diýdirýär.

Suratkeş eýýam 30 ýyl bäri türkmen peýzaž nakgaşçylygynyň görnükli wekili bolup, tebigatyň elmydama özgerýän täsin görnüşlerini kendire geçirip halka ýetirýär.Suratkeşiň impersionist suratkeşler bolan Mone, Sezann, Renuar, S.Babikow ýaly ussatlaryň hakyky muşdagy bolup, döredijilik ylhamynyň gözbaşy hasaplaýar.

Suratkeşiň oba peýzažlary özboluşly bolup ýagtylygyň, tegmilleriň berlişi, öwüşgünleriň sazlaşygy bilen aýratyn tapawutlanýar.Kämil Weliahmedow portret, natýurmort, başga abstrakt kompozisiýaly eserleri hem döredýär, emma suratkeşiň galamy peýzaž eserlerinde has-da şuglalanýar.

Suratkeşiň peýzaž eserlerini synlanyňda onuň hakykata seredip zehin goýup çeken köp ýyllyk zähmediniň miwesi aç-açan ýüze çykýar.

Kämil Weliahmedow türkmen tebigatynyň özboluşlylygyny, Sumbar, Gerkez, Aýdere ýaly jülgeleriň, Köpetdagyň we Köýtendagyň tapawutly gözelligini sungat muşdagynyň öňünde açyp berýär. Kämil Weliahmedow tebigy gözellikleriň hakyky saýrak bilbilidir.

Ýene degişli makalalar

Ahalyň, Balkanyň obalaryny sil aldy
Türkmenistana gelen sil suwlarynyň pidalary belli boldy
Daglarda türkmen ösümlikler dünýäsiniň üýtgeşik wekili—ýabany orhideýalar gülledi
Türkmenistanyň günorta-günbatar serhediniň ýaşaýjylary aýy gördüler
Türkmenistanyň käbir obalarynda sil zerarly telefon aragatnaşygy ýok
Türkmenistanda nar hasyly ýygnalyp başlandy