Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli geçirmek, pudagyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak hem-de Oba hojalyk pudagynda 2020 — 2030-njy ýyllar aralygynda oba hojalyk tehnikalaryna we gurallaryna sanly elektron ulgamy arkaly dolandyrmagy ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen John Deere Walldorf GmbH & Co KG kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama laýyklykda, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny tapgyrlaýyn satyn almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny 2020-nji ýylda Türkmenistana getirmek şertinde satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň John Deere Walldorf GmbH & Co KG kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ýene degişli makalalar

23.11.2019 | Resmi habar
30.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: oba hojalyk toplumy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: oba hojalyk toplumy
24.03.2020 | Türkmenistan oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidýär
Türkmenistan oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidýär
Oba hojalygynda sanly ulgam