Resmi habarlar

Atdaýew B.T. hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Atdaýew Batyr Taganowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 15-nji noýabry.

***

N.H.Atagulyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Nokerguly Hojagulyýewiç Atagulyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine 6 aý synag möhleti bilen bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 15-nji noýabry.

***

Goçmollaýew B.H. hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Goçmollaýew Begenç Hojagulyýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 15-nji noýabry.

***

K.A.Kurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Aýdogdyýewiç Kurbanowyň üstüne ýüklemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 15-nji noýabry.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy
Türkmenistanda täze söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bellenildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary