Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Konsullyk bölümine käbir konsullyk hyzmatlary üçin üç aý öňünden ýazylmak mümkin bolar diýlip, ilçihananyň Telegram kanalynda habar berildi.
2022-nji ýylyň 28-nji noýabryndan başlap, kabul edilmegiň möhleti kesgitlenilýän we deslapky ýazgy talony resmileşdirilýän möhlet aşakdaky konsullyk hyzmatlary üçin üç aýa çenli artdyryldy:
Hasaba alyş möhletiniň artmagy Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynyň Konsullyk Bölüminde kabul ediljek senesini öňünden bilmäge mümkinçilik berýär we her gün garaşýanlaryň sanawyndaky arzany tassyklamak zerurlygyny aradan aýyrýar.
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Konsullyk bölümi şu salgyda ýerleşýär: Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 11-nji jaý (howludan girilýär). Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312940741 (iş günleri sagat 9:30-dan 16:00-a çenli).
Şeýle-de okaň:
