RF-nyň magaryf we ylym ministrliginiň ýolbaşçysy Olga Wasilýewa GDA giňişliginde bir harp ýazuwyna dolanylamagyna çagyrdy diýip, РИА Новости habar berýär.
“Soňky on ýylda elipbiýleriň latynlaşdyrylmasy we araplaşdyrylmasy örän uly tema boldy.Häzir biz GDA giňişliginde bir harp ýazuwyna kril harpyna dolanmaly.Sebäbi, pikir soramalarynyň görkezmegine görä, biziň ilatymyz, ýakyn daşary ýurtlar, nähilem bolsa kril harpyna baglyglyk we onuň zerurlygy barada gürrüň edýär” diýip, Wasilýewa III Liwadiýa forumynda aýtdy.
Bu forumyň temasy “Rus dünýäsi we rus dili: ösüşiň taryhy kökleri we ugry” dýilip atlandyryldy.
Wasilýewa Orsýet, “soňky iki onýyllykda bu pozisiýa biraz gowşadylanam bolsa”, kril harpynyň ýaýradylmagynda öz pozisiýasyny örän anyk tutmaly diýip hasaplaýandygy ny nygtady.
GDA-nyň türki dilli bäş ýurdundan üçüsiniň Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň latyn hatyny ulanýandygyny bellemek gerek. Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaew 12-nji aprelde hökümete ýylyň aýagyna çenli gazak elipbiýiniň latyn harpyndaky görnüşine geçilmegi baradaky planyň işlenip düzülmegini tabşyrdy.
