“Roma” “Çelsiniň” ýaş ýyldyzyny transfer etdi

Tälimçilige Žoze Mouriniony wezipä bellän Roma topar iňlis kluby Çelsiniň ýerli hüjümçisi Temmi Abrahamy transfer etdi.Rimliler 23 ýaşly oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama gol çekişdiler. Çelsi bu transferden 40 million ýewrolyk pul gazanar.

Abraham täze klubunda 9-njy belgili köýnekçäni geýer. 2016-njy ýylda Çelside futbola başlan Abraham Bristol, Swansi, Aston Willa ýaly klublarda kärendesine oýnady.Abraham Çelside 58 duşuşykda 21 gol geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

FA Kubogynyň 1/16 finalynda iki läheň duşuşar
9 golly duşuşyk
UEFA “Sewilýa” Ligasy
“Premier Ligada” ýylyň tälimçisi we ýylyň futbolçysy belli boldy
Emeli aň tehnologiýaly kompýuter
Gülgüne älemgoşar