“Roma” PSŽ-li futbolçyny transfer etdi

Italiýanyň “Roma” topary düzümini güýçlendirmegini dowam edýär. Žoze Mourinionyň tälimçiligindäki topar PSŽ-niň niderland ýarymgoragçysy Jorjinio Weýnaldumy transfer etdi.Italýan kluby 31 ýaşyndaky oýunçy bilen 1 ýyllyk kärendesine şertnama baglaşdy. “Roma topary niderland oýunçyny möwsümiň ahyrynda ymykly ýagdaýda transfer hem edip biler.

Weýnaldum PSŽ-de 38 oýunda 3 gol geçirip, 3 goluň pasyny berdi.Weýnaldum PSŽ-den öň “Liwerpulda” çykyş edýärdi.Paýtagt kluby “Roma” Weýndaldumdan öňem Paulo Dibala, Zeki Çelik, Nemanýa Matiç, Mil Swilar ýaly futbolçylary transfer edipdi.

Ýene degişli makalalar

UEFA “Sewilýa” Ligasy
Argentinaly ýyldyz “Romany” saýlady
Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
Ýewropanyň we Amerikanyň çempionlarynyň duşuşygynda Argentina ýeňiş gazandy
Azmun “Serie A”-daky ilkinji goluny geçirdi
Guardiola Fergusondan öňe geçdi