Roman Abramowiçiň türkleriň "Geztepe-sini" satyn almagy mümkin

Roman Abramowiçiň türkleriň "Geztepe-sini" satyn almagy mümkin

"Çelsiniň" eýesi Roman Abramowiçiň türk "Geztepe"-sini almagy mümkin diýip CNN Turk habar berýär. Çeşmäniň berýän habaryna görä, işewür klubuň eýesi Mehmet Sepil bilen gepleşikleri alyp barýar. Ýakyn wagtlarda Abramowiç bilen Sepiliň şahsy duşuşygy bolmaly.

"Geztepe" Türkiýäniň çempionatynda turnir tablisasynda 18-nji ýerde barýar.Topar 30 oýunda 27 utuk toplady. 26-njy fewralda Abramowiçiň kluba ýolbaşçylyk etmegi "Çelsiniň" haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlaryna geçirendigini ýatlalyň. 2-nji martda ol kluby satmak niýetiniň bardygyny mälim edipdi.

Russiýanyň işewüri "aristokratlary" satmakdan 4 mlrd funt sterling (4,84 mlrd ýewro) gazanmak isleýär. 10-njy martda Beýik Britaniýanyň hökümeti Abramowiçe garşy sanksiýa girizipdi.Russiýaly işewüriň hususy serişdeleri, şol sanda futbol kluby blok edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Polşa, ABŞ-dan 250 Sany Tank Alar
Rus Işewüri Abramowiçiň Ýahtasy Bodruma Geldi
Milli Bahar baýramyna bagyşlanan göçme sergi
Sky News: “Çelsini” satyn almak üçin arzalar 18-nji marta çenli kabul ediler
Britan işewüri 3 mlrd ýewro Çelsini satyn almak we ýene 1,8 mlrd ýewrony stadiona harçlamak isleýär