Ronaldo taryhyň iň köp gol geçiren futbolçysy

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 17-nji tapgyryň jemleýji duşuşygynda “Ýuwentus” öz meýdançasynda “Sassuolony” 31 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Ýuwentusa” ýeňiş getiren gollary Danilo (51), Remzi (82) hem-de Ronaldo (90+2) derwezä girizdi. Şeýlelikde, Kristiano Ronaldonyň resmi duşuşyklarda geçiren gollarynyň sany 759-a ýetdi.

Geçen hepdäniň dowamynda Peleden öňe saýlanan Ronaldo taryhyň iň köp gol geçiren oýunçysy, Awstriýanyň hem-de Çehoslowakiýanyň ozalky hüjümçisi Ýosef Bisan bilen deňleşdi (759 gol). Ýeri gelende aýtsak, bu hasabat resmi duşuşyklarda geçirilen gollara görä kesgitlenýär.

Hasabatlary ýöredýän käbir guramalara görä, Bisan 759 däl-de, 805 gol geçirdi.Romario 772, Pele 767 gol bilen öňdäki 3 orny eýeleýär. Şolara görä, Ronaldo häzirlikçe 4-nji hatarda barýar.

Yzly-yzyna 15 möwsümde azyndan 15 gol

Şeýle-de, Kristiano Ronaldonyň şu möwsümde çempionatyň çäginde geçiren gollarynyň sany 15-e ýetdi. Ol Ýewropanyň TOP 5 çempionatynda yzly-yzyna 15 möwsümde azyndan 15 gol geçiren ilkinji futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

The post Ronaldo taryhyň iň köp gol geçiren futbolçysy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Kim, haçan oýlap tapdy? Çap ediji enjam
Moskwada Elektron kitaplaryň muzeýi açyldy
5 müň ýewrodan satyldy
Artistler ýylyň iň gowy aktýor we aktrisalaryny saýlaýar
Krasnodar Çelsi bilen deňme-deň oýnap, Ýewropa ligasyna petek gazandy