Ronaldonyň çempionatdaky gollarynyň sany 9-a ýetdi

Saud Arabystanynyň cempionaty “Saudi Pro Ligada” 7-nji tapgyryň çäginde çempionlygyň 2 esasy dalaşgäri “Al Nassr” bilen “Al Ahli” duşuşdy. 7 goluň geçirilen oýnunda ýer eýeleri “Al Nassr” 4-3 hasabynda ýeňşini baýram etdi.

Duşuşykda “Al Nassr” toparynyň gollarynyň 2-sini 4-nji we 52-nji minutlarda Kristiano Ronaldo, beýleki 2-sini hem 17-nji we 45-nji minutlarda Talişka geçirdi.

Myhmançylykdaky “Al Ahli” toparynyň gollaryny-da 30-njy minutda Frank Kessi, 50-nji minutda penaltiden Riýad Mahrez hem-de we 87-nji minutda Al-Breýkan derwezä girizdi. Şunlukda, bassyr 5-nji ýeňşini gazanan “Al Nassr” topary sanawyň lideri “Al-Ittihaddan” 3 utuk yzda 5-nji orunda barýar.

Iň köp gol geçirenleriň arasynda-da Kristiano Ronaldo 9 gol bilen sanawyň başyny çekýär.

7-nji tapgyryň çäklerinde “Al-Ittihad” topary öz meýdançasynda Romarinio hem-de Kanteniň gollary bilen “Al-Fateh” toparyny 2-1 ýeňdi. “Al Hilal” topary-da myhmançylykda “Damak” bilen 1-1 deňme-deň oýnady. 7 goluň geçirilen oýnunda “Al Ittifak” topary öz meýdançasynda “Al Tai” toparyndan 4-3 hasabynda üstün çykdy. “Al Ittifak” toparynyň gollaryny Weýnaldum bilen Dembele geçirdi. “Al Tai” toparynyň gollarynyň 3-sini hem Bernard Mensa öz adyna ýazdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
“Mançester Siti” 2-nji tapgyra çykdy
Dünýäniň iň gadymy futbol ýaryşynyň finalynda ilkinji Mançester derbisi
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
“Al-Ahli” “Premier Liganyň” ýene bir oýunçysyny transfer etdi
“Al-Ahli” “Mançester Sitiniň” ýyldyzyny transfer etdi