Ronaldonyň hem-de Benzemanyň topardaşlary Dünýä Kubogyna gatnaşmaz

Dünýä Kubogynyň başlanmagyna 1 aýdan gowrak wagt galdy. Ýöne hemişe bolşy ýaly, şikesi sebäpli Dünýä Kubogynyň daşynda galjak ýyldyzlaryň sany artyp başlady.Pol Pogba, Kaýl Wolker, Arturo Melo, Emil Smit Row ýaly ýyldyzlaryň hataryna golaýda “Çelsiniň” 2 ýyldyzy angliýaly gyraky goragçy Ris Jeýms bilen fransiýaly ýarymgoragçy N’Golo Kante hem goşuldy.

Wolkerden soň Jeýmsiň hem şikes almagyndan soň Angliýanyň sag tarapky goragynda alternatiwleriň sany azalýar.

N’Golo Kante Katardaky şüweleňe gatnaşyp bilmez.

N’Golo Kanteniň operasiýa bolandygy we azyndan 4 aýlap meýdança çykyp bilmejekdigi habar berildi. 31 ýaşyndaky oýunçy şu möwsümde bary-ýogy 2 duşuşykda meýdança çykdy.

“Liwerpulyň” “Mançester Sitini” 1-0 hasap bilen ýeňen duşuşygynda agyr şikes alan portugaliýaly Diogo Žotanyň hem Dünýä Kubogyna öýünde tomaşa etjekleriň sanawyna goşulandygy mälim edildi.Tälim Klopp bu barada: “Žota üçin gynandyryjy habar.

Gynansagam ol Dünýä Kubogyna gatnaşyp bilmez.Portugaliýa üçinem, biziň üçinem gynançly ýagdaý. Şikesi agyr.Bejergilerine başlady” diýip, beýanat berdi. 25 ýaşyndaky hüjümçiniň uzak wagtlap ýaşyl meýdançalara dolanyp bilmejekdigi habar berildi.

Milli ýygyndyda 28 oýunda 10 gol geçiren Žota şu möwsümde “Liwerpul” bilen 8 duşuşykda 5 gezek tapawutlanypdy.

Ýeri gelende aýtsak, argentinaly Paulo Dibalanyň, eýranly Serdar Azmunyň hem şikesleri bolup, olaryň Dünýä Kubogyna gatnaşyp-gatnaşmajakdygy häzirlikçe belli däl. Bulardan başga-da niderland Žoržinio Weýnaldum, urugwaýly Ronald Arauho, fransiýaly Bobakar Kamaranyň, portugaliýaly Pedro Netonyň hem şikesleri bolup, olaryň-da Dünýä Kubogynyň daşynda galmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

UEFA Ýewropa çempionatynyň simwolik ýygyndysyny mälim etdi
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
"Asyryň oýunçysy", "asyryň tälimçisi", "asyryň agenti", "asyryň kluby" yglan edildi
16 ýyldan soň gazanylan 8-nji kubok
Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar