Rowachlan Galkynysh göterijili ýokary hilli big-beg gaplaryny hödürleýär

Rowachlan Galkynysh göterijili ýokary hilli big-beg gaplaryny hödürleýär

Polipropilenden taýýarlanylýan gaplaýyş önümlerini öndürmäge we eksport etmäge ýöriteleşen Rowachlan Galkynysh türkmen kärhanasy big-beg gaplaryny hödürleýär.

Rowachpack haryt nyşany bilen ýetirilýän bu ýumşak gaplar azyk önümleri, gurluşyk materiallary, himiýa önümleri hem-de senagat harytlary ýaly dürli hili ýükleri saklamak we daşamak üçin amatlydyr.

Ygtybarlylyk we hil

Rowachpack big-beg gaplarynyň daşy daşarky täsirlere çydamly bolan ýokary hilli polipropilen matadan taýýarlanylýar.

Konteýnerler ýokary ýüklere çydamly bolup, çyglylygyň, UF-şöhlelenmesiniň hem-de temperaturanyň üýtgemeginiň netijesinde durkuny ýitirmeýär.

Kadaly we özbaşdak çözgütler

Kompaniýa big-begleriň iki sany kadaly görnüşini hödürleýär:

• 2 göterijili: 75*75*125 sm, 150 kg, 120 g/m² • 4 göterijili: 95*95*130 sm, 190 kg, 140 g/m²

Mundan başga-da, Rowachlan Galkynyş, ýüküň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, müşderiniň özbaşdak talaplaryna laýyklykda big-begleri öndürmek üçin aýratyn sargytlary ýerine ýetirýär.

Ygtybarly hyzmatdaş

Senagat bazaryndaky köp ýyllyk iş tejribesiniň netijesinde Rowachlan Galkynysh kärhanasy Rowachpack haryt nyşany bilen özüni ýokary hilli polipropilen gaplaýyş önümleriniň jogapkärli we ygtybarly üpjün edijisi hökmünde tanatdy.

Kärhana alyjylar köpçüligine halkara hil standartlaryna doly laýyk gelýän gaplary, ýeň hem-de big-beg gaplaryny hödürleýär.

Rowachlan Galkynysh HK-nyň salgylary:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Rowachlan Galkynysh ürgün materiallary gaplamak we daşamak üçin tutawaçly big-begleri hödürleýär
Rowachlan Galkynysh polipropilen gaplaýyş önümleriniň eksportyny artdyrýar
Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy önümçiligini artdyrýar
Rowachpack kärhanasynyň polipropilenden taýýarlanýan önümleri halkara ülňülerine laýyk gelýär
Rowachpack polipropilen haltalary obasenagat toplumynda uly islegden peýdalanýar
TNGIZT-de täze önümçilik ýola goýuldy