Rowachlan Galkynysh türkmen kärhanasy eksport üçin big-beg gaplaryny öndürýär

Rowachlan Galkynysh türkmen kärhanasy eksport üçin big-beg gaplaryny öndürýär

Rowachlan Galkynysh türkmen hususy kärhanasy big-beg haltalaryny — Rowachpack haryt nyşanly ýumşak polipropilen konteýnerleri öndürýär we eksport edýär.

Big-beg görnüşindäki ýumşak gaplar özüne 300 — 3000 kg çenli agramy sygdyryp, süýşürmek üçin ýörite göteriji gysgyçlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Olar azyk önümleri, gurluşyk materiallary, oba hojalyk we dokma önümleri ýaly ürgün materiallary gaplamak we daşamak üçin ulanylýar.

Özboluşly aýratynlyklaryna görä, big-begler amatly we ygtybarly gaplama materialydyr. Olar berk, ýeňil, çeýe hem-de aňsat eplenilýär. Gaplamak elastik we suw geçirmeýän görnüşde bolansoň, ürgün ýükleri çyglylykdan hem-de daşarky täsirlerden goraýar.

Rowachlan Galkynysh kärhanasynyň önümleri berklik we agyr ýükeleme durnuklylyk barlaglaryndan geçendir. Muny kärhananyň degişli şahadatnamalary hem tassyklaýar.

Müşderiniň isleglerine laýyklykda, konteýnerleri islendik reňkde ýa-da flýuorografiki çap esasynda öndürip bolýar.

Kärhananyň öz önümlerini Russiýa we Gazagystana eksport edýändigini, şeýle hem ABŞ we Ýewropa ýurtlaryna eksport etmegi meýilleşdirýändigini ýatladýarys.

Rowachlan Galkynysh Türkmenistanda gaplamak üçin niýetlenen gaplary öndürýän öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Kärhananyň assortimentinde Rowachpack haryt nyşanly uly big-beg polipropilen haltalary hem-de ýeňler bar.

Rowachlan Galkynysh HK-nyň habarlaşmak üçin maglumatlary:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Rowachlan Galkynysh ürgün materiallary gaplamak we daşamak üçin tutawaçly big-begleri hödürleýär
Rowachlan Galkynysh HK-nyň big beglerine gaplama önümleriniň bazarynda isleg bildirýär
Rowachlan Galkynysh türkmen kärhanasy big-beg gaplarynyň önümçiligini artdyrýar
Rowachlan Galkynysh Rowachpack haryt nyşanly big-beg gaplaryny öndürýär
Iş Nokady kompaniýasy Türkmenabatda işewürlik maslahatyny geçirer we öz iş ugry bilen tanyşdyrar
MiniBoss we BigBoss Business School ýaş telekeçileriň işewürlik taslamalaryny maliýeleşdirmäge taýyn maýadarlary çagyrýar