Rowaýaty hindi aktýory aradan çykdy

Rowaýaty hindi aktýory aradan çykdy

Hindi kinosynyň weteran aktýorlarynyň biri, ssenarist we režissýor Dilip Kumar 7-nji iýulda ýurduň Mumbaý şäheriniň hassahanasynda, 99 ýaşynda aradan çykdy. Bilermenler tarapyndan “Bolliwudyň bütin taryhynda iň beýik aktýorlaryň biri” diýlip yglan edilen Kumaryň ölümi hakdaky habar onuň Twitterdäki şahsy akkauntynda ýerleşdirildi.

Goja aktýoryň ölümine onuň soňky ýyllarda uzaga çeken ýürek hassalygy sebäp boldy.

Hindistanyň milli metbugatynda we internet habarlar sahypalarynda bu habar dessine orun aldy, Hindistanyň hökümet başlygy Narendra Modi aktýoryň ýurduny täzelemegi bilen baglylykda merhumyň ýakynlaryna gynanç bildirdi.

Dilip Kumaryň hakyky ady Muhammet Ýusup Han bolup, 1922-nji ýylda Peşewarda miwe söwdasyny edýän täjiriň köp çagaly maşgalasynda dünýä indi. Mekdepde geljekki hindi kinosynyň ýyldyzy Raj Gapur bilen bile okady.

Geçen asyryň 40-njy ýyllarynda kakasynyň kesbini ýöretdi, öz hususy naharhanasyny açdy. Şol ýerde-de ol hindi kinosynyň täsirli aktrisasy Dewika Raniniň gözüne ilýär. Ol syratly ýigidi “Deňiz joşmasy” atly fimde baş keşbe çagyrdy hem-de adyny Dilip Kumar diýip üýtgetmegi teklip etdi.

Ilkinji filmleri şowsuz bolsa-da, tutanýerlilik bilen zähmet çekip, Dilip Kumar tä 1998-nji ýyla çenli hindi kinosynda iň täsirli adamlaryň biri bolmagyň hötdesinden geldi.

Ol 60-dan gowrak filmde baş keşbi janlandyrdy we “iň oňat erkek keşbi üçin” ugry boýunça 8 gezek Hindistanyň abraýly “Filmfare Award” baýragynyň eýesi boldy. Häzirki wagtda bu ugurda onuň bilen diňe hindi aktýory Şahruh Han bäsleşip bilýär.

Ýeri gelende aýtsak, Dilip Kumar türkmen tomaşaçylaryna “Ram we Şýam”, “Şakti”, “Gudratly” atly filmlerdäki keşpleri bilen tanyşdyr.

Ýene degişli makalalar

“Star Legend” Atly Kruiz Gämisi Bodruma Geldi
7 yklymy aýlandylar
Eýranda ýolagçy otlusy aýazly howa sebäpli ýolda galdy
Ysraýylyň Guran Operasiýasynda Palestinaly 2 Ýetginjek Ýogaldy
Diktatoryň buýsanjy üçin kanunyň hökmürowanlygy ýok edilýär
Ýylyň garaşylýan filmleri
Hindiler dört günde ýedi yklyma baryp gördüler