Rumyniýanyň ilaty türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we däpleri bilen tanyşýar

Rumyniýanyň ilaty türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we däpleri bilen tanyşýar

19-njy martda Buharestde Halkara Nowruz gününe bagyşlanan sergi açyldy. Çäräni Türkmenistanyň we Eýranyň Rumyniýadaky diplomatik wekilhanalary Dmitriýe Gusti adyndaky Oba milli muzeýiniň ýardam bermeginde guradylar.

Sergä Rumyniýanyň medeniýet ministri Bogdan Georgiýu bardy. Onuň açylyş dabarasy muzeýiň resmi internet-sahypasy we sosial ulgamlar arkaly onlaýn-tertipde görkezildi.

Diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem Rumyniýanyň dürli edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we KHBS-niň işgärleri, talyplar, şol sanda bu ýerde bilim alýan türkmen talyplary çäräniň myhmany boldular.

Türkmenistanyň milli diwarçasy ýurduň taryhy-medeni mirasy, däpleri, gözel tebigaty, häzirki keşbi, Garaşsyzlyk döwri gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýar. Haly önümleri, milli matalar we el keşdeleri, zergärleriň elinden çykan ajaýyp şaý-sepler, sowgatlyk önümler bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Köpugurly sergide foto we wideomateriallar hem goýlupdyr. Sergi wirtual görnüşde elýeterlidir.

Ýene degişli makalalar

NOWRUZ BAÝRAMYNYŇ GYMMATLYKLARY HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ ÝÖRELGELERI BILEN SAZLAŞÝAR
NOWRUZ BAÝRAMYNYŇ GYMMATLYKLARY HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ ÝÖRELGELERI BILEN SAZLAŞÝAR
Iki ýurduň arasyndaky 'ynjyk gatnaşyklaryň' fonunda, Täjigistanda türkmen medeniýet günleri geçirilýär
14.10.2018 | Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Täjigistana geldi
Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Täjigistana geldi
Ak öý, Berdimuhamedowyň kitaplary... Türkmenler Täjigistana näme getirdi?