Rumyniýanyň Transilwaniýa folklor topary Aşgabatda çykyş etdi

Rumyniýanyň Transilwaniýa folklor topary Aşgabatda çykyş etdi

Şu gün Watan kinokonsert merkezinde Rumyniýanyň Transilwaniýa folklor toparynyň konserti geçirildi. Bu dabara Rumyniýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli Rumyniýanyň ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Medeniýet we Daşary işler ministrlikleriniň bilelikde guramagynda geçirildi.

Dabaranyň başynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Transilwaniýa folklor toparynyň tansçylarynyň çykyşlary dabara gatnaşan myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Konserte tomaşa eden myhmanlar çykyşlaryň üsti bilen, dostlukly ýurduň durmuşy, şeýle-de medeniýeti we sungaty bilen gaýybana tanyş boldular.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyklara gol çekildi
29.10.2018 | Türkmenistan — Rumyniýa: bilim ulgamynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi
31.01.2019 | Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär
25.02.2019 | Buharest uniwersitetiniň wekiliýetiniň sapary
Buharest uniwersitetiniň wekiliýetiniň sapary