Rus Harby Bazasynyň Ermenistana Haýsydyr Bir Goşandy Ýok

Rus Harby Bazasynyň Ermenistana Haýsydyr Bir Goşandy Ýok

Paşinýan “Bu meseläni jedelleşemizok. Häzirki wagtda gün tertibimizde başga meseleler bar, bar bolan şertleriň sebäplerini öwrenýäris we elbetde Ermenistan bilen Russiýanyň, Ermenistan we Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň arasyndaky gepleşiklerde ol hem gün tertibine geler” diýdi.

102-nji rus harby bazasy 1995-nji ýyldan bäri Gümrüde we Ýerewanda ýerleşýär.

Bazadaky gullukçylar GDA-nyň bilelikdäki harby howa goranyş ulgamynyň çäginde işleýär.

2010-njy ýylda Russiýa we Ermenistanda baza bilen bagly ylalaşygyň möhletini 2044-nji ýyla çenli uzaldypdy.

Resmi Ýerewan Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasyndan hoşal däl.

Paşinýan şeýle hem Ýerewanyň KHYG-nyň Garabagda eýelän pozisiýasy sebäpli garaşýan tamasynyň ödenmändigini aýtdy.

Premýer-ministr Paşinýan guramanyň düzgünnamasynda agza ýurtlardan birine hüjüm edilen halatynda haýsy başlangyçlaryň edilmelidiginiň açyk görkezilýändigini nygtap; “Düzgünnamada ýazylanlar berjaý edilmedi we elbetde ol Ermenistanyň hökümetiniň hem-de halkynyň tamasyny ödemedi. Şeýle hem bizin Russiýa bilen özara howpsuzlyk ylalaşygymyz bar we şol ylalaşygyň hökümleri hem berjaý edilmedi. Ol hem hem hökümizde hem-de halkymyzda uly soraglary ýüze çykardy” diýdi.

Azerbaýjan 19-njy sentýabrda konstitutsion ulgamy gaýtadan dikeltmek maskady bilen Garabagda “ýerli häsýetde terrorizme garşy göreş” başladypdy. 20-nji sentýabrda Azerbaýjanyň döwlet Ýolbaşçysy Ilham Aliýew operasiýasynyň gutarandygyny we maksada doly ýetilendigini beýan edipdi.

Bu wakalardan soň gazanylan Ýaraşyk ylalaşygy, Garabagdaky ekstremist toparlaryň dargadylmagyny we Ermensitanyň goşunynyň sebitden çykarylmagyny göz öňünde tutýar.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýyl Ýewraziýa döwletleri taýdan nähili geçdi
Ermenistanyň Premýer ministri Azerbaýjan bilen bagly beýanat berdi
Russiýanyň Daşary işler ministri Garabag bilen bagly beýanat berdi
Ermenistan, Russiýa Nota Berdi
Lawrow: Azerbaýjan-Ermenistan Düşnüşmezliginiň Esasy Bölegi Çözüldi
Azerbaýjan we Ermenistan Serhetleriň Kesgitlenmegi Hakyndaky Teswirnama Gol Çekdi