Russia Today Documentary teleýaýlymy Türkmenistanda dokumental film surata düşürýär

Russia Today Documentary teleýaýlymy Türkmenistanda dokumental film surata düşürýär

Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezildi. Oňa atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada dokumental filmi surata düşürmäge Türkmenistana sapar bilen gelen Russia Today Documentary teleýaýlymynyň döredijilik işgärleri hem gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Hankerwen, Garaşsyz, Akýol, Meledag, Hanbeg, Kanun, Bereketli ýaly, ak, dor, gyr, mele dor bedewlere atlanan, dürli ýaşdaky ýigitdir gyzlar dürli akrobatik hem töwekgelçilikli hereketleri, öwrümleri ezberlik bilen çeýelikde ýerine ýetirdiler. At üstünde aşyrym atyp, öňürdikläp görkezdiler. Bir ýarym ýaşyndaky taýjagazlaryň bary-ýogy alty aýyň içinde ele alan tilsimlerini, öwredilen gönükmeleri görkezmegi hem ýygnananlary haýran galdyrdy.

On metr aralygy iň gysga wagtda iki aýakda ýöräp, Ginnesiň rekordlar kitabyna giren Akhan bedewini toparyň çeper ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýewiň münüp, sirk sahnasyna çykmagy gollary galkandyr gylyçly jigitleriň buýsançly nyzamy bilen utgaşyp gitdi. Meşhur Akhanyň çarpaýa galmagy çykyşa aýratyn şowhun berdi.

Russia Today Documentary teleýaýlymynyň döredijilik işgärleri türkmen bedewlerine bagyşlanyp taýýarlanylýan dokumental filmiň örän täsirli boljakdygyny nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

RUSSIA TODAY DOCUMENTARY AHALTEKE BEDEWLERI HAKYNDA FILMI SURATA DÜŞÜRÝÄR
Türkmen filmi halkara kinofestiwalda 1-nji orny eýeledi
СООБЩЕНИЕ ДЛЯ СРЕДСТВ МАССОВОЙ ИНФОРМАЦИИ
Kino sungatynyň baýramy
Arkadag şäherinde Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwaly geçirildi
Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy boldy