Russiýa Apple Kompaniýasyna 12 Million Dollar Jerime Saldy

Russiýa Apple Kompaniýasyna 12 Million Dollar Jerime Saldy

Russiýanyň Fedaral Monapoliýa garşy göreş gullugy (FAS) Amerikanyň tehnologiýa ägirtlerinden “Apple” kompaniýasyna rus monapoliýa garşy kanunlaryny bozandygy sebäpli 12 million dollara barabar jerime saldy.

FAS-dan berilen beýannamada “Apple” kompaniýasyna 26-njy aprelde monapoliýa garşy kanunlary bozandygy sebäpli 906 million rubldan gowrak girdeji jerimesi salyndy” diýilýär.

“Apple” bolsa karara nägilelik bildirjekdigini beýan etdi.

Global kiber howpsuzlyk firmasy “Kasperskiý Lab” 2020-nji ýylyň awgustynda “Apple” kompaniýasyny öýjükli telefon tilsimatlary bazaryndaky pozisiýasyndan hyýanatçylykly peýdalanmakda günäkärläp FAS-a ýüz tutupdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanlylar aýalyny öldürmekde günälenýän öňki gazak ministriniň sud işine ünsli syn edýär
Türkmenistanlylar aýalyny öldürmekde günälenýän öňki gazak ministriniň sud işine ünsli syn edýär
Salam, Dogan! Aýal-gyzlaryň saýlap-seçmek hakyna kim, näme üçin dawa salýar?