Russiýa Bilen Eýran Strategik Hyzmatdaşlyk Şertnamasyny Baglaşdy

Russiýa Bilen Eýran Strategik Hyzmatdaşlyk Şertnamasyny Baglaşdy

BRICS-iň liderler sammitine gatnaşmak üçin Tatarystana giden Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan iş saparynyň çäginde Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Kreml köşgünden berlen beýannama görä, Putin bilen Pezeşkiýan liderler sammitiniň çäginde duşuşdy. Duşuşykda Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky özara gatnaşyklara ünsi çeken Putin, “Dostlukly gatnaşyklarymyz gün saýyn pugtalanýar. Ykdysady we söwda gatnaşyklarymyzy has-da ösdürmek üçin tagalla edýäris” diýdi.

Putin, özara gatnaşyklarda “Demirgazyk-Günorta” halkara ulaglar koridory taslamasynyň we Buşehr ýadro desgasynyň ikinji we üçünji bölümleriniň gurluşygy meselesiniň esasy orun eýeleýändigini nygtady.

Eýranyň BRİJS we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agzadygyny we bu agzalygyň halkara derejesinde ýakyndan işleşmek üçin uly pursatdygyny aýdan Putin, 2023-nji ýylda Eýran bilen Ýewraziýa Ykdysadyýet bileleşiginiň arasyndaky baglaşylan erkin söwda şertnamasynyň ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine itergi berendigini ýatlatdy.

Wladimir Putin, “Ýakynda Russiýa bilen Eýranyň arasynda giň gerimli strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşyp bileris”diýip belledi.

Eýranyň Prezidenti Pezeşkiýan hem Russiýa bilen gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlygyň iki döwlet üçin hem bähbitli boljakdygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Putin Hytaýa Gynanç Bildirdi
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2025” XVI HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
Putin Ýurdundaky Musulmanlara Minnetdarlyk Bildirdi
Putin Bilen Şara Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Russiýanyň 'Nezawisimaýa Gazeta' neşiri Gurbanguly Berdimuhamedowa hüjüm etmekde günälendi