Russiýa dördülenji gün Odesa sebitindäki däne eksport desgalaryna zarba urýar

Russiýa dördülenji gün Odesa sebitindäki däne eksport desgalaryna zarba urýar

Russiýa Ukrainanyň daşary ýurt döwletlerine däne ekportyny dowam etdirmegine rugsat beren BMG hemaýatyndaky ylalaşygyň möhletini uzaltmakdan boýun gaçyrandan soň, 21-nji iýulda Gara deňizdäki ukrain port gurnamalaryna tapgyr dördülenji gün hüjümi dowam etdirdi, Odesada däne saklawhanalaryna zarba urup, zyýan çekmelere we ýaralanmalara getirdi.

Sebit häkimi Oleh Kiper Russiýanyň Gara deňizdäki gämilerden “Kalibr” görnüşli ganatly raketalary atyp, däne terminalyny weýran edendigini we iki adamy ýaralandygyny aýtdy.

“Gynansak-da, Odesa sebitiniň oba hojalyk kärhanalarynyň birisiniň galla terminalyna zarba uruldy. Duşman 100 tonna nohudy we 20 tonna arpany weýran etdi. Partlamada iki adam ýaralandy” diýip, Kiper aýtdy.

Ol başda iki raketanyň däne ammaryna gelip düşendigini, ýangyna sebäp bolandygyny, soňra bolsa, ýangyn söndürijiler ody söndürmäge çalyşýan mahaly üçünji raketanyň zarba urandygyny aýtdy.

“Beýleki bir raketa şol bir kärhana zarba urdy we oba hojalyk, halas ediş enjamlaryna zyýan ýetirdi. 200 inedördül metr meýdanda dörän ýangyn dessine söndürildi” diýip, Kiper aýtdy.

Kreml Gara deňizdäki ukrain portlaryna barýan ýük gämileriniň potensial harby nyşanalar hasaplanjakdygyny aýdandan bary-ýogy birnäçe gün soň, Russiýanyň Goranmak ministrligi özüniň harby-deňiz güýçleriniň 21-nji iýulda demirgazyk-günbatar Gara deňizde janly “türgenleşik” geçirendigini aýtdy.

Gara deňiz floty “Gara deňziň demirgazyk-günbatar bölegindäki söweşjeň türgenleşik meýdanynda gämilere garşy ganatly raketalar bilen nyşanadaky gämilere janly ot açylmagyny amala aşyrdy” diýip, ministrlik özüniň Telegramdaky beýanatynda aýtdy.

Rus raketalary 20-nji iýulda Odesa we Mykolaýiw sebitlerine zarba urdy, iki adamy öldürdi, 20 adamy, şol sanda bäş çagany ýaralady hem-de port gurnamalaryna we däne ammarlaryna agyr zyýan ýetirdi.

Şeýle-de, zarbalar Odesa we Mykolaýiw sebitleriniň merkezindäki ýaşaýyş binalaryny hem urdy, giň meýdany oda berdi.

Ukrain energetika ministri Odesa we Çornomorsk portlaryndaky galla terminallarynyň we port infrastrukturalarynyň nyşana alnandygyny aýtdy. Çornomorskda 60 müň tonna galla ýok edildi diýip, ministrlik aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi günorta Ukrainada yzly-yzyna zarbalar bilen nyşana alnan desgalaryň ýerleşýän ýerinde Ukrainanyň deňiz dronlaryny öndürýändigini öňe sürdi. Moskwa anneksiýa edilen Krymdaky köprä şeýle görnüşdäki dron bilen zyýan ýetirilendigini aýdýar.

Ýöne ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýa däne şertnamasynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwrenden soň, rus zarbalarynyň Odesa sebitindäki ýerleri “bilkastlaýyn” nyşana alandygyny aýtdy.

"Şu gün hüjüm edilen portlarda takmynan bir million tonna azyk saklanýar. Afrikanyň we Aziýanyň sarp ediji ýurtlaryna takmynan şol mukdardaky däne bireýýäm iberilmelidi" diýip, Zelenski wideo habarynda aýtdy. "Dünýädäki her bir adam Russiýany terrorçylyk jogapkärçiligine çekmek bilen gyzyklanmaly" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

BMG-niň baş sekretary Antonýu Guterriş Gara deňiz port şäherleriniň golaýynda bolan hüjümleri ýazgardy.

“Hüjümler Ukrainadan has aňyrlara täsir edýär. Biz eýýäm gallanyň we mekgejöweniň global bahalarynda ýaramaz täsirleri görüp başladyk, bu hemmelere agram salýar, ýöne hususan-da dünýäniň günortasyndaky gowşak adamlara has agyr düşýär” diýip, Guterriş özüniň metbugat sekretary Stefan Duýarriçiň üsti bilen beren beýanatynda aýtdy.

Gara deňizdäki dartgynlylyk Kiýewiň demirgazyk-gündogarda Russiýa tarapyndan gaýtadan hüjüme geçmek synanyşygy barada habar berýän wagty bolup geçýär.

“Duşman özüniň esasy tagallalaryny [Harkow sebitindäki] Kupýansk, [Donetsk sebitindäki] Lyman, Bahmut, Awdiýewka we Maryinka gönükdirmegi dowam etdirýär, bu ýerlerde soňky bir günüň dowamynda 32 söweş hereketi boldy” diýip, Ukrainanyň goşunynyň Baş ştaby 21-nji iýulda aýtdy.

Kupýanskdaky ukrain goragçylary rus goşunlarynyň günorta-günbatar Masýutiwka hüjümlerini yza serpikdirdi diýip, harbylar sözüniň üstüni ýetirdi.

Şol bir wagtda, Waşington ABŞ tarapyndan üpjün edilen klaster oklarynyň söweş meýdanyna ýerleşdirilýändigini aýtdy. Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary bu oklaryň rus goranyş formasiýalaryna we manýowrlaryna täsir ýetirýändigini aýtdy.

“Biz ukrainlardan käbir deslapky seslenmeleri aldyk, olar olary diýseň netijeli ulanýar” diýip, Kirbi metbugat brifinginde aýtdy.

Şeýle-de, ukrain güýçleriniň baş serkerdesi Waleriý Zalužniý tutuş frontyň ugrundaky operatiw ýagdaýlar barada ABŞ generaly, ABŞ-nyň Baş harby ştabynyň başlygy general Mark Milleý bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi.

“Ukrainanyň ýaragly güýçleri, duşmanyň çakdanaşa çylşyrymly mina meýdanlaryna, tanka garşy barrikadalaryna we otdan goranyş ulgamyna garamazdan, duşman güýçlerini kadaly ýagdaýda weýran edýär we öz çägimizi okupasiýadan halas etmek üçin hüjüm hereketlerini amala aşyrmagy dowam etdirýär. Biz birnäçe ugurda üstünlik gazanýarys. Biziň esgerlerimiz gahrymanlardyr” diýip, Zalužniý Facebookda aýtdy.

Söweş meýdany baradaky habarlary garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bolmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Wladimir Zelenskiý "Ukraina 2024-nji ýyl" forumynda çykyş etdi
"Rus halky biziň uly doganymyz": SSSR respublikalarynyň gimnleri rus halkyny nädip wasp etdi; ony kolonizasiýa hasaplap bolarmy
Halkara Jemgyýetçiliginiň Ysraýylyň Hüjümlerine Garşylygy Güýçlenýär
Guterriş Hüjümleriň Dessine Bes Edilmegine Çagyrýar
Gazada Müňlerçe Çaga Öldi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny