Russiýa Erdogan Hakynda Öwgüli Sözler Aýdýar

Russiýa Erdogan Hakynda Öwgüli Sözler Aýdýar

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Prezident R. T. Erdoganyň parahatçylygyň goralmagy üçin edýän töwellaçylyk tagallalaryna kanagatlanma bildirýändiklerini aýtdy.

Peskow, paýtagt Moskwada gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýannama berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Erdoganyň parahatçylyk tagallalary sebäpli Nobele dalaşgärlige hödürlenmegi baradaky teklibi hakynda durup geçen Peskow “Elbetde Erdoganyň parahatçylygyň goralmagy üçin edýän töwellaçylyk tagallalaryna we Russiýa-Türkiýe gatnaşyklarynyň ösmegi üçin edýän tagallasyna kanagatlanma bildirýäris” diýdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Russiýanyň we BMG-nyň arasynda 2022-nji ýylyň 22-nji iýulynda Stambulda gazanylan we 18-nji martda möhledi gutarýan Galla geçelgesi ylalaşygynyň uzadylmagy barada bolsa “Russiýa ylalaşygy 60 gün möhlet bilen uzadýar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Putin Tramp Bilen Duşuşmaga Taýar
Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Putin sişenbe güni ABŞ-nyň ýörite wekilini kabul eder
Russiýa Türkiýä minnetdarlyk bildirdi
Putin: Ukrainadaky urşuň öň liniýasyndaky başlangyç rus güýçlerindedir
Russiýa Türkiýäniň Ukraina düşnüşmezliginiň çözülmegi üçin edýän tagallasyna kanagatlanma bildirýär
Putin Makron bilen duşuşmaga taýar