Russiýa: "Galla ylalaşygyny dowam etdirmäge hiç hili sebäp ýok" diýdi

Russiýa: "Galla ylalaşygyny dowam etdirmäge hiç hili sebäp ýok" diýdi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi Türkiyäniň, Ukrainanyň, Russiýanyň we BMG-nyň arasynda 2022-nji ýylyň 22-nji iýulynda Stambulda baglaşylan Galla ylalaşygy bilen bagly ýazmaça beýanat berdi.

Ady agzalan ylalaşygyň möhlediniň 17-nji iýulda doljakdygyna ünsler çekilen beýanatda: "Şol çäkde Russiýanyň, Türkiyäniň we Ukrainanyň razylygy bolmadan uzadylmagy mümkin bolmaýan ylalaşyk bilen baglanşykly Günbatar ýurtlar, Ukraina we BMG tarapyndan propoganda edilýändigi" habar berildi.

Beýanatda: "Mätäç bolan Afrika, Aziýa we Latin Amerika ýurtlaryna goldaw berilmegi maksat edinilýän ylalaşyk Ukrainanyň gallasynyň gowy iýmitlenýän ýurtlara söwda eksportyna öwrüldi. 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan bäri Odessa, Çernomorsk we Ýužnyý portlaryndan eksport edilen 32,6 million tonna gallanyň agramly bölegi, 26,2 million tonnasy, ýagny 81 göterimi ösen we orta girdejili ýurtlara ugradyldy.

Efiopiýa, Ýemen, Owganystan, Sudan we Somali ýaly ýoksul ýurtlar çykarylan gallanyň diňe 862 müň 86 tonnasyny, ýagny 2,6 göterimini alyp bildi" diýip habar berildi.

Ylalaşygyň 2 aýry bölekden ybaratdygy we Russiýanyň azygynyň we döküniniň eksporty bilen bagly bölegi bilen baglanşykly bolsa ýagdaýyň bozulmaga dowam edilýändigi bellenen beýanatda, Günbatar ýurtlar tarapyndan Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň rus azyk önümleriniň eksportyna böwet bolýandygy mälim edildi.

Beýanatda: "2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri mätäç bolan ýurtlara bagyş edilmegi meýilleşdirilen 262 müň tonna rus döküninden diňe 2 tapgyr eksporty amala aşyrylyp bilindi.Döküniň 20 müň tonnasy Malawa, 34 müň tonnasy Keniýa ugradyldy.

BMG bu meselede sessiz galmaga dowam edýär.Günbatarda bolsa azyk we dökün babatynda hem Russiýa garşy girizilen sanksiýalary ýeňilleşdirmejekdgi beýan edilýär.Bu şertlerde 17-nji iýulda möhledi doljak ylalaşygyň dowam etdirilmegi üçin hiç hili sebäp ýok" diýip beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Döwlet baştutany Galla ylalaşygy barada beýanat berdi
Putin Afrikaly liderler bilen duşuşyk geçirdi
Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Dünýäde Ynsanperwer Kömege Mätäç Adamlaryň Sany Artdy
BSGG dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpunyň ýokarydygyny habar berdi
BMG Afrika ýurtlaryna kömek üçin 7 milliard dollar sorady