“Russiýa Harby Jenaýat Edýär”

“Russiýa Harby Jenaýat Edýär”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýa bilen geçirlen gepleşiklerde heniz ylalaşyk gazanylmandygyny aýtdy.

Zelenskiý halka ýüzlenip eden çykyşynda rus güýçleriniň Harkiw şäherini bombalamaga dowam edýändigini nygtady.

Zelenskiý “Russiýa harby jenaýat edýär. Ilatly ýerleri nyşana alýar. Şäherde ýekeje harby desga hem ýok. Şäheri bilkastlaýyn ýykyp ýumurýandygyny subut edýän birnäçe delilnama bar” diýdi.

Ruslaryň nirä hüjüm edýändigini bilýändigini nygtan Zelenskiý, raketa we bombaly hüjümleriň gyssagly bes edilmelidigini belledi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý “Russiýa ähli halkara düzgünleri we ylalaşyklary basgylady we hiç kim onuň günäsini geçmez” diýdi.

Russiýanyň Ukraina garşy 5 günde 56 raketa hüjümini gurandygyny we asuda ilaty nyşana alan haýsydyr bir ýurduň BMG-nyň agzasy bolup bilmejekdigini nygtan Zelenskiý, rus raketalaryna, uçarlaryna we dükuçarlaryň dünýädäki ähli portlaryň, kanallaryň we howa menzilleriniň ýapylmagy üçin çagyryş berdi.

Russiýanyň we Ukrainanyň wekiliýetleriniň gepleşik geçirýän pursatlarynda hem Ukrainanyň bombalanandygyna ünsi çeken Zelenskiý, gepleşik meselesinde “Heniz hiç hili netije alynmady” diýdi.

Zelenskiý, ukrainanyň wekiliýetiniň Kiýewe dolanmagyndan soň meseläni giňişleýin ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny we gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň nähili ýagdaýda geçjekdigine karar berjekdiklerini ýatlatdy.

Wladimir Zelenskiý, Ukrainanyň ÝB-ne agza bolmagy üçin ediljek ýüz tutmagy hakyndaky arza gol goýandygyny nygtap, ÝB-ne agzalyk üçin 30 ýyldan bäri garaşýandyklaryny belledi.

Ýene degişli makalalar

Germaniýanyň Federal kansleri Ukraina bardy
“ABŞ bilen Russiýanyň arasynda gazanyljak emma Ukrainany öz içine almaýan ylalaşygy kabul etmeris”
“Demirgazyk Koreýaly 2 Esgeri Ýesir Aldyk”
Ukraina we Russiýa ýesir çalşygyny amala aşyrdylar
Tramp Ukrainada gysga möhletde hüjümleriň bes edilmegini isleýär
Zelenskiý: Ukraina Russiýanyň basyp alan ýerlerini diplomatiýa arkaly  yzyna almak almak isleýär
Britaniýa we Ukraina “100 ýyllyk ýaranlyk” ylalaşygyna gok çekişdi