“Russiýa Jerimesini Çekmeli”

“Russiýa Jerimesini Çekmeli”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň ýurduna garşy başladan söweşi sebäpli jerimesini çekmelidigini nygtady.

Zelenskiý bilen Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson paýtagt Kiewde bolan duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Ýurdy üçin goranyş we howpsyzlyk meseleleriniň diýseň möhümdigine ünsi çeken Zelenskiý, rus raketalarynyň ukrainanyň halky we territoriasy üçin howply bolmagynda galýandygyny belledi.

Zelenskiý “Rus goşunlary raketa hüjümlerinde asuda ilaty we infstrukturany nyşana alýar. Ruslar, ýaşaýyş jaýlaryny, mekdebi, hassahanany we ýokary okuw jaýyny nyşana alýar. Rus raketa hüjümlerine garşy gorany kömeginiň berilmegi biziň üçin diýseň möhüm” diýdi.

Zelenskiý, Jonson bilen Ukraina berilýän agyr ýarag kömeginiň artdyrylmagy meselesi hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.

Russiýa söweş sebäpli goýlan sanksiýalara ünsi çeken Zelenskiý, ady agzalýan sanksiýalaryň artdyrylmalydygyny nygtady.

Halkara azyk krizisi hakynda hem durup geçen Zelenskiý “Russiýa, Ukrainanyň portlaryny gabaw astyna alandygy sebäpli azyk krizisi başdan geçirilýär. Russiýa, halkara azyk krizisinden jogapkär. Afrika we Aziýa ýurtlary açlykdan goralmaly”diýdi.

Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson hem, ukrainaly esgerleriň ýurdunyň özygtyýarlygynyň goralyp saklanmagy üçin söweşýändigini nygtady.

Jonson “Ukrainanyň söweşde ýeňiş gazanmagy üçin iň güýçli ýurtlar tarapyndan täze harby tälimiň berilmegini teklip etdim” diýdi.

Zelenskiý teklibi kabul eden halatynda tälimiň daşary ýurtlardan birinde berilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Russiýa-Ukraina urşunyň bes edilmegi ugrunda öňegidişlik gazanyldy
Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi meselesi seljerildi
Ukrainanyň resmi wekiliýeti parahatçylyk gepleşikleri üçin ABŞ-na geldi
Bütindünýä ykdysady forumy başlady
Kreml: ABŞ, Ukraina we Russiýa BAE-de duşuşyk geçirerler
Zelenskiý has köp howa goranyş ulgamyny talap edýär
Zelenskiý Abu-Dabide geçirilen gepleşiklerde energiýa meseleleriniň maslahatlaşylandygyny aýtdy