Russiýa: "Klişeewka şäherçesiniň gözegçiligini ele geçirdik" diýdi

Russiýa: "Klişeewka şäherçesiniň gözegçiligini ele geçirdik" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, rus harby birikmeleriň 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam etdirýän Russiýa-Ukraina urşunda eden işleri barada maglumat berildi.

Beýanatda: "Günorta Harby toparyna degişli birikmeleriň işjeň işleriniň netijesinde Donetsk Halk Respublikasynyň Klişeewka şäherçesini azat etdi" diýip beýan edildi.

Beýanatda Ukrainanyň goşunyna degişli 2 ok-däri ammarynyň ýok edilendigi we rus howa goranyş ulgamlary tarapyndan 34 uçarmansyz howa ulagynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.

Beýanatda mundan başgada: "Harby operasiýanyň başlan gününden bäri Ukrainanyň goşunyna degişli 601 uçar, 274 dikuçar, 24 müň 498 uçarmansyz howa ulagy, 523 howa goranyş raketa ulgamy, 16 müň 121 tank we sowutly ulag, 1307 köp nilli raketa ulgamy, 9 müň 740 gaubisa we minomýot bilen 21 müň 915 ýörite harby ulag ýok edildi" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Ukrainanyň goşuny Russiýanyň Krasnodar sebitindäki howa baza hüjüm gurady
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Russiýa Ukrainanyň ATACMS raketalary bilen hüjüm gurandygyny habar berdi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär