Russiýa: "Luganskda we Donetskde 2 ýaşaýyş zolagynyň gözegçilikleirni ele geçirdik" diýdi

Russiýa: "Luganskda we Donetskde 2 ýaşaýyş zolagynyň gözegçilikleirni ele geçirdik" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Rus harby birikmeleriniň Russiýa-Ukraina urşundaky hereketleri barada maglumat berildi.

Russiýanyň goşunynyň uruş meýdanynda öňe gidişlik etmäge dowam etdirýändigi bellenilen beýanatda, "Rus harby birikmeleri, işjeň hereketleriniň netijesinde Lugansk Halk Respublikasynyň Newskoýe ýaşaýyş zolagyny we Donetsk Halk Respublikasynyň Krasnyý Ýar ýaşaýyş nokadyny ele geçirdi" diýip bellendi.

Beýanatda, urşuň başyndan bäri şu güne çenli Ukrainanyň goşunyna degişli 646 uçar, 283 dikuçar, 33 müň 704 uçarmansyz howa ulagy, 582 howa goranyş raketa ulgamy, 18 müň 632 tank we sowutly ulag, 1472 köp nilli raketa ulgamy, 16 müň 246 gaubisa we minomýot we 27 müň 295 ýörite harby ulagynyň ýok edilendigi mälim edildi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi, 14-nji oktýabrda hem Zaporožýe sebitinde Lewadnoýe ýaşaýyş zolagynyň gözegçiligini ele geçirendiklerini aýan edipdi.

Ukrainanyň Donetsk, Lugansk, Zaporožýe we Herson sebitleri, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň 2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda gol çeken karary bilen bikanun görnüşde anneksiýa edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Russiýa Ukrainanyň ATACMS raketalary bilen hüjüm gurandygyny habar berdi
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär