Russiýa owgan meselesinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga oňyn baha berýär

Russiýa owgan meselesinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga oňyn baha berýär

Russiýa Federasiýasy Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly çözülmegine itergi bermekde Türkmenistan bilen özara gatnaşyklara oňyn baha berýär. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan geçirilen metbugat ýygnagynda aýdyldy.

Ministrligiň Maglumat we metbugat müdirliginiň müdiriniň orunbasary A.Bikantow: Howpsuzlyk meselesi boýunça Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gepleşik gurduk, onuň çäginde iki ýurduň ygtyýarly bölümleriniň wekilleri umumy howplar we kynçylyklar barada pikir alyşdylar. Türkmenistan Owaganystan meselesi bilen bagly ýagdaýlary kadalaşdyrmakda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar diýip belledi.

Owganystandaky çylşyrymly ýagdaýlar, bu ýurtda parahatçylygy we durnukylygy dikeltmek boýunça meseleler Russiýanyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Z.Kabulow bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň arasynda 2020-nji ýylyň 27-nji noýabrynda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen gepleşikleriniň, şeýle hem Russiýanyň daşary işler ministri S.Lawrowyň Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bilen 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Moskwada geçirilen gepleşikleriniň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenportal-yň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan boýunça Dohada geçirilýän halkara duşuşyga hem gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatdaky çagalar bagynyň müdiri ene-atalary we işgärlerini çürkeýär
22.12.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
15.01.2018 | 2018-nji ýylda şäherara ugurlarynda täze amatly awtobuslaryň onlarçasy ýolagçylary gatnadyp başlar
Paýtagtymyzdaky ýolagçy awtoulag önümçilik birleşigine täze awtobuslar gelip gowuşdy
TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLARYŇ SYÝASY-DIPLOMATIK TAÝDAN KADALAŞDYRYLMAGYNYŇ DERWAÝYSLYGYNA BERK YNANÝANDYRLAR